- ulaşdyrmak
- işlik1) Biri-birine baglaşdyrmak, biri-birine utgaşdyrmak, sapyşdyrmak, birleşdirmek.∙ Emma ynha Amyderýany Mara getirip ulaşdyrjak, onsaň ony hem Tejene ulaşdyrjak diýen gürrüňiňize men «hä» diýerin, ine onyňyz boljak zat, ol akylyňyza berekella! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)2) Sezewar etmek, duçar etmek, uçratmak.∙ Pelek meni derde ulaşdyrypdyr, Basyp gam laýyna bulaşdyrypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)3) Gürrüňi, pikiri, yzygiderli we manyly beýan etmek, biri-birine baglaşdyrmak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.